BAŞ SAHYPA

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda gol çekilen ýlalaşygyň esasynda Jemgyýet tarapyndan 2021-nji ýylyň iýul aýyndan “Dowamly keseli bolan adamlara öýünde saglygy goraýyş we durmuş taýdan hyzmatlar” taslamasy amala aşyrylyp başlady. Bu taslamanyň esasy maksady: Dikeldiş we durmuş üpjünçilik goldawyna öýünde mätäç bolan dowamly ýokanç däl keselli uly ýaşly adamlaryň durmuş, saglyk ýagdaýlaryny gowulandyrmak maksady bilen ýaşaýan ýeri boýunça durmuş we saglygy goraýyş hyzmatlaryny gurnamak.
     Taslamanyň çäginde gözegçilikdäki kömek alyjy adamlar bu gün taslamanyň işine uly baha berdiler. Taslamanyň kömek alyjysy 1950-nji ýylda doglan Kerimowa Swetlana bilen geçirilen duşuşykda ol TGÝMJ-niň şepagat uýalarynyň öz ýagdaýynda häli-şindi habar tutup, durmuş meselelerinde goldaw berýändiklerini belläp, şepagat uýalarynyň özüniň saglyk ýagdaýyny dikeltmekde hem kömek berýändiklerini aýtdy. Ýagny, Swetlana Kerimowanyň uzak ýere ýöräp bilmeýändigini göz öňüne tutup, Jemgyýetiň şepagat uýalary kömek alyjynyň saglyk ýagdaýyny anyklamak üçin barlaglardan geçirmek maksady bilen ony Aşgabat şäheriniň 14-nji Saglyk öýüne alyp bardylar. Saglyk öýüniň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlyk esasynda Swetlana Kerimowa lukmanlaryň gözegçiliginden we geçirilen barlaglaryň netijesinde bejergi bellendi, degişli maslahatlar berildi.
    TGÝMJ-ti öz Tertipnamalaýyn iş ugurlaryny ýerine ýetirmekde döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk saklap, kömek alyjylaryň döwlet tarapyndan berilýän ýokary hilli hyzmatlardan peýdalanmagyna ýardam berýärler.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
5772279
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2659
1421
35106
62106
5772279

Siziň IP: 35.170.82.159
2022-05-19