Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy toýlanýan ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüş ýolunda täze üstünlikler gazanýar. Ýurdumyzda ýaşlar üçin uly şertler döredilýär, şonuň bilen bir wagtda ösüp gelýän ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmaklary ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalary gurlup ulanmaga tabşyryldy. Ýurdumyzda bilim, ylym, ýaşlar saglygy goraýyş we beýleki ynsanperwer ugurlar boýunça ozal hereket edýän kanundyr kararlar yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işleriň ählisi bolsa, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolmaklaryna we jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine uly ýardam berýär.
   Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşlaryň kanunçylyk babatda sowatlylygyny ösdürmek, olaryň arasynda ynsanperwerlik gymmatlygyny wagyz etmek, birek –birege hoşniýetli gatnaşyklary ösdüdmek ýaly meselelerde ilatyň arasynda döwlet edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda yzygiderli wagyz işleri geçirilýär. Bu çärelerde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýolbaşçylary çykyş edip, ýaşlaryň arasynsa ynsanperwerligi, sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmekde öz saldamly goşandyny goşýarlar. Çärelerde berilýän maglumatlaryň wideoşekiller, gurnalan sahnalar bilen derkidilmegi bu maglumatlary täsirligini has-da güýçlendirýär.