BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



      Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda çagalar üçin tomus dynç alyş möwsümini gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ahli mümkinçilikler döredilýär.Tomus aýlary çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezleri çagalary dynç alyşa yzygiderli kabul etdiler.
    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem öz ynsanperwerlik işiniň çäginde ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşýän çagalaryň dynç alyş sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda ençeme aýdym-sazly, sport, intellektual çärelerini gurnady. Şol sanda, Jemgyýet tarapyndan 26 sany ýetim we ýarym ýetim çagalara dynç alyş –sagaldyş merkezlerine ýollanma hatlary satyn alyndy.
    Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň ,,Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýeti bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hasabynda duran 20 sany doly ýetim çagalar Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine we 17 sany ýetim we ýarym ýetim çagalar Gökderede ýerleşýän M.Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş merkezine muzdsuz ýollanma hatlary bilen üpjün edilip, olara Jemgyýet tarapyndan egin-eşikler we aýakgaplar gowşuryldy.
    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyeti ynsanperwerlik çygrynda döwlet edaralaryna degişlilik boýunça kömekçi wezipelerini ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirer.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2021
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
5401983
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
180
3133
180
90109
5401983

Siziň IP: 3.92.28.52
2021-12-01
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi