BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



   Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy barha kämilleşýär hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýar. Munuň gözbaşynda berkarar Watanymyzda ynsan saglygy we bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän aladalar durandyr. Bu ýörelgelerden ugur alyp, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň we oba ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat okuw sapaklary, çäreler, duşuşyklar geçirilýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Çeperçilik haly önümleri” kärhanasynyň işgärleriniň arasynda hem “Ýokanç kesellere garşy göreş, arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda lukmandan deslapky ilkinji kömegini bermek” atly wagyz-nesihat okuw çäresi geçirildi. Duşuşyk çäresinde işgärlere tomsuň häzirki yssy günlerinde günüň ýiti şöhlesinden goranmak, suwy köp içmek, gök önümleri, ir-iýmişleri köpräk iýmek, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini ulanmak bilen baglanyşykly degerli maslahatlar berildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Yanwar 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
5529024
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5844
1559
42115
85106
5529024

Siziň IP: 54.161.98.96
2022-01-21