Ýaş nesilleriň saglygy olaryň aň-bilim derejesiniň kämilligi barada alada biziň ata –babalarymyzyň ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde bu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Bagtyýar çagalar waglaryny şadyýan geçirýärler.
Her ýylda tomus aýlary Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem meýletinçileriň kömegi bilen çagalaryň dynç alyş möwsüminiň täsirli hem peýdaly geçmegi ugrunda birnäçe işleri alyp barýar. Ynha ýakynda hem Jemgyýetiň işgärleri meýletinçiler bilen bilelikde Gökderedäki ,,Nebitçi” çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkeziniň Medeniýet öýünde çagalar üçin aýdym-sazly, sport ýaryşly we sorag-jogap bäsleşikli çäresini gurnadylar. Merkezde dynç alýan çagalar bu gün dürli bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlary eýelediler. TGÝMJ-niň meýletinçileri çagalary daşyna üşürip sirag –jogap bäsleşigini gurnadylar. Soraglar Türkmenistanyň tebigaty, gün şöhlesiniň saglyga täsiri we gün şöhlesiniň ýaramaz täsirinden goranmak barada bolup, olar çagalaryň bu meselelerde habarlylygyny ýokarlandyrdy.