Gökdere jüjgesinde ýerleşýän çagalaryň dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri hem çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin bu merkezlerde dürli köpçülikleýin çärelerini gurnaýarlar. Ýnha bu gün hem, TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri dag jülgesiniň gözel künjeginde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde aýdym-sazly wagyz-ündew çäresini geçirdiler. Bu çärä TGÝMJ-i sowgatly gelip, dynç alyş-sagaldyş merkezine Jemgyýetiň adyndan 10 sany welosiped gowşuryldy. Çärede dynç alýan çagalar aýdym-sazly çykyşlara, döredijilik bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna gatnaşyp, wagtyny şatlykly geçirdiler. Merkezde dynç alýan çagalar meýletinçiler bilen söhbetdeş bolup, dynç alyşlarynyň täsirli wakalaryny gürrüň berdiler. Olar merkezde dürli gurnaklara gatnaşýandyklary, kitaphananyň okalga zalyndan we kompýuter otagyndan peýdalanyp öz gözýetimlerini giňeld ýändikleri barada gyzykly gürrüňler berdiler.