Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara uly üns berilýär. Olaryň okamagy, öwrenmegi we döretmegi üçin uly mümkinçilikler berilýär. Ýnha, bu günlerem çagalaryň tomus dynç alyş möwsümi dowam edýr. Çagalar tomusky dynç alyş –sagaldyş merkezlerinde özleriniň wagtlaryny peýdaly hem şatlykly geçirýärler. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň gurnamagynda ýakynda Gökderedäki ,,Çynar” çagalaryň dynç alyş-sagaldyş merkezinde aýdym-sazly medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň ýaşajyk aýdymçylardyr-sazandalary, şeýle-de tans toparlary çykyş etdiler. Dynç alýan çagalar ýaş artistler bilen bilelikde aýdyma goşulyp aýdym aýtdylar, tans etdiler. Çäräniň dowamynda dynç alýan çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, TGÝMJ-niň adyndan 10 sany welo siped sowgat gowşuryldy. Çagalar uly şowhun bilen dessine welosiped sürmekde öz aralarynda bäsleşdiler. Çagalaryň şatlygynyň çägi bolmady, olar özleri barada edýän atalyk aladalary üçin hormatly Prezidentimize uly alkyşlary aýtdylar.