Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, fiziki işjeňligi, sagdyn iýmitlenmegi mahabatlandyrmak barada tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem, Türkmenistanyň ahli künjeklerinde öz meýletinçileriniň kömegi bilen ilatyň arasynda sagdynlygy wagyz etmeklige, ony jemgyýetimize ornaşdyrmaklyga, raýatlarymyzy bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta çekmeklige, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemeklige gönukdirilen giň gerimli işleri alyp barýar. Köpçülikleýin sport çäreleri geçirilip, bu çäreleriň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
    Ata Watanymyzda tomus pasly yssy howa bilen tapawutlanýar. Elbetde, däşky gurşawuň üýtgemegi adam saglygyna öz täsirini ýetirýär. Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde adam bedeniniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, ýürek-damar, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş ulgamlarynyň işiniň bozulmagyna getirip biler. Günüň bu ýaramaz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen biziň her birimiz iň ýönekeý düzgünleri berjaý etmegimiz gerek. Gün şöhlesi adam bedenine peýdaly hem bolsa gün şöhlesiniň astynda aşa köp bolmaklyk maslahat berilmeýär. Günüň aşagynda başy açyk gezmeli däl, ýörite saýawanlary ulanmalydyr. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin awtobuslarda adamlaryň arasynda 2 metr araçägi saklap, elleriňizi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwup durmaly, agyz –burun ortüklerini talaba laýyk dakynmaly. Biziň her birimiziň saglygymyz ilki bilen biziň özümize, alyp barýan durmuş endiklerimize baglydyr. Janyňyz sag bolsun mähriban adamlar!