Biz Beýik Ýeňişiň mirasdüşerleri- Beýik Watançylyk Urşunyň weteranlarynyň we tylyň zähmetkeşleriniň edermenlikleriniň öňünde baş egýäris. Beýik Watançylyk Urşunyň batyr esgerleri- weteranlar bu gün biziň aramyzda az galdy.
   Beýik Watançylyk Urşunyň weteranlaryna minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi bilen bilelikde baýramçylyk çäresini gurnadylar. Beýik Ýeňişiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu çärede Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň hünärmenleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Uruş ýyllarynyň aýdymlary ýerine ýetirildi. Çäräniň soňunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan Uruş weteranlaryna ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Okuwçylar Beýik Watançylyk Urşunyň weteranlaryna asuda durmuşymyz we watana wepalylykda görkezen göreldeleri üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.