TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Daşoguz welaýat Daşky gurşawy goramak müdirliginiň wekilleri bilen bilelikdäki 2021-nji ýylyň 01-nji aprelinde okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna PM-niň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň, Raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem-de meýletinçiler gatnaşdylar. Welaýat bölüminiň hünärmenleri asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilendigini, halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ähliumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýändigi barada gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady, halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr.