BAŞ SAHYPA

   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Türkmenistanda döredilmeginiň 95-ýyllygy mynasybetli, Jemgyýetiň hormatly agzasy Tirkeş Majyýewe TGÝMJ-niň alyp barýan ynasanperwerlik işlerinde ýakyndan beren ýardamlary üçin minnetrdarlyk haty we ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. 71 ýaşly Tirkeş Majyýew saglygy goraýyş işgäri bolup işlemek bilen, 2012-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň hormatly agza diýen şahadatnamasynyň gowşurylandygyny uly buýsanç bilen gürrüň berýär. Duşuşygyň dowamynda ol welaýat bölüminiň hünärmenlerine özüniň zähmet ýoly barada täsirli gürrüňler berip, Watanymyzyň gülläp ösmegine, her birimiziň halal zähmet bilen goşant gоşmagymyzy ündedi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
5854966
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
459
1707
60037
57756
5854966

Siziň IP: 44.192.47.87
2022-06-28