Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda ,,Türkmen zenanlarynyň kalby –deňelýär bahar-ýaza” atly dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede myhman hökmünde Türkmenistanyň Gahrymany - Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Halk artisti - Jemal Saparowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti - Züleýha Kakaýewa, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy – Aýjemal Nobatowa, Modeller öýüniň alyp baryjy modelýer konstruktory – Amandursun Ataýewa, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk mekdebiniň mugallymy – Maral Bekiýewa gatnaşdylar.
     Türkmenistanyň Gahrymany - Gözel Şagulyýewa bahar baýramy, Watany, hormatly Prezidentimizi wasp edýän goşgy setirleri bilen, Türkmenistanyň Halk artisti - Jemal Saparowa bolsa, bütin dünýäde Türmenistanyň abraýynyň ýokary göterilmegi, hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatynyň netijesidigini belläp, Watanymyzy, Arkadagymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirip, diňleýjileriň şatlygyna şatlyk goşdular. Çärede çykyş eden myhmanlar hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýynyň has-da belent bolmagyny, Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Çäräniň soňunda myhman zenanlara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.