Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda täze kabul edilen meýletinçileriň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede biziň ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamyň saglygyny goramak bolsa döwletimiziň baş aladasy bolup durýanlygy barada buýsançly çykyşlar edildi. Ilatyň saglygyny goramak Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň özenini düzýän baş ugurdyr.
Keselleriň öňüni almak Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy ugrudyr. Häzir bu wezipe ýurdumyzda saglyk edara-binalaryny gurmak, derman senagatyny, şypahana ulgamyny ösdürmek arkaly amala aşyrylýar. Şeýle hem ilatyň arasynda möwsümleýin respirator keselleriniň öňüni almak boýunça öňüni alyş işleri yzygiderli geçirilýär hem-de, maglumat bilim gollanmalary çykarylýar. Çärede şular dogrusynda, hususan-da ata-babalarymyzyň dürli kesellerde - ilkinji nobatda, üsgülewikde, ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda başarnykly ulanan buýan köki barada hem täsirli çykyşlar edildi.