Ýaňy-ýakynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi hem-de TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary bilen sanly ulgam arkaly onlaýn maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasy barada talyp ýaşlara giňden gürrüň berildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakda, ýaşlar sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmekde, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemme taraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, Döwletiň, jemgyýetiň durmuş ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmekde hem-de ýaşlarda ruhy ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, Watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemekde, şeýle-de meýletinçiligi ösdürmekde ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny maslahatda çykyş edenler bellediler.