Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy barada meseleler döwletiň ileri tutuýan ugurlarynyň biridir. Şu günler möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin ähmiýeti uly bolan wagyz-nesihat çäreleri yzygider geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasy tarapyndan “Il saglygy – ýurt baýlygy” atly mowzuk bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 7-nji orta mekdebinde geçirildi.
Çärede häzirki wagtda howada adam bedenine ýaramaz täsir edýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli ýokuşyp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almakda agyz-burun örtüklerini dakynmagyň peýdalydygyny, agyz-burun örtükleriniň dakynylyş usullary we wagtyna çalşyp durmak barada aýratyn bellenip geçildi. Jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamagyň saglygy goramagyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy. Bedeniň kesele garşy ukybyny ýokarlandyrýan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak maslahat berildi.