Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda welaýatyň çäginde ýerleşýän iri edara-guramalary bolan Lebap welaýat agyz suw birleşiginde, Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde, Türkmenabat Halkara howa menzilinde bölüm müdirleriň we işgärleriň arasynda “Il saglygy-ýurt baýlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.
     Çärelere saglygy goraýyş işgärleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň önümçiligiň pudagara utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.