Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi, ýylyň ähli paslynda çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär. Bu ýerde çagalaryň dynç almagy bilen bir hatarda, dürli gurnaklara gatnamaklary, sport bilen meşgullanmaklary we wagtlaryny manyly we täsirli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2020-nji ýylyň 03-nji iýulynda Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Bu çärede ýurdumyz boýunça Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda raýat goranyşyny üpjün etmek, dürli tebigy we tehnogen hadysalar ýüze çykanda olaryň täsirinden goranmak bilen bagly täsirli gürrüňler edildi. Welaýat bölüminiň hünärmenleri, tebigy hadysalar bolan ýagdaýynda adam saglygy üçin zerur bolan ilkinji kömegiň dogry berilmegiň düzgünlerini dürli görkezme gollanmalaryň üsti bilen düşündirdiler.