Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda, biziň ýurdumyzda tebigy hadysalaryň ýüze çykmagynyň töwekgelçiliginiň öňüni almak boýunça ähli çäreler görülýär. Bu babatda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kanunçylyk boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) we Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan “Adatdan daşary ýagdaýlarda halkara kömegini bermek boýunça” Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek barada teklip berildi 2018-nji ýylda bu Kanunyň taslamasyny işläp düzmek boýunça işçi topar düzüldi. Taslama, degişli ministrliklere we edaralara, TGÝMJ-ne we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasyna (GHGÝHF) teklipler we bellikler üçin ýollandy. Geçen döwürde, Kanunyň taslamasyna üýtgeşmeleri girizmek üçin işçi toparyň birnäçe ýygnaklary geçirildi.
2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabat şäherinde GHGÝHF-nyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň we TGÝMJ-niň bilelikde gurnamagynda Adatdan Daşary ýagdaýlarda halkara kömegi bermekligiň kanunlary, kadalary we düzgünleri boýunça seminar geçirildi. Seminaryň işine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriniň we edaralarynyň, GHGÝHF-nyň, BMG-nyň Türkmenistanda akkreditasiýa geçen agentlikleriniň wekilleri we TGÝMJ-niň işgärleri işjeň gatnaşdylar.
Daşary ýurt ekspertleri hökmünde, GHGÝHF-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Jagannat Çapagan, GHGÝHF-niň kanunçylyk teklipler boýunça utgaşdyryjysy Izabel Greýnjer we Baýarmaa Luntan GHGÝHF-nyň Mekezi Aziýa boýunça Wekilliginiň başlygy çagyryldy.
Seminaryň başynda, GHGÝHF-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Jagannat Çapagan, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Baş direktory Gülnabat Döwletowa we Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky Komitetiniň agzasy Nury Kömekow gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Seminaryň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Goranmak ministrliginiň, BMG-nyň Türkmenistandaky wekilliginiň, TGÝMJ-niň we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň wekilleriniň prezentasiýalary diňlendi.
Seminaryň gidişinde“Adatdan daşary ýagdaýlarda halkara kömegini bermek boýunça” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň bölümlerine we düzümine jikme-jik seredildi. GHGÝHF-nyň halkara kömegi, şol sanda ynsanperwerlik kömegi bermekligi utgaşdyrmaklygyň halkara ulgamyna degişli soraglar ara alyp maslahatlaşyldy.
Bu Kanunyň her bir ýurtda kabul edilmeginiň zerurlygy dünýä jemgyýetçiliginde hiç hili şubhe goýmaýar. Milli kanunçylyk namalaryň bolmazlygy halkara kömeginiň berilmegine päsgelçilik döredýär. Bu babatda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy tarapyndan işlenip düzülen, “ IDRL barlag sanawy”, «ADÝ-da yurduň içinde goldaw bermek, halkara kömegini kadalaşdyrmak we dikeldiş işlerini geçirmekde komek bermek boýunça Gollanma giriş”, “Heläkçiliklerde we tebigy hadysalarda halkara kömegini bermekligi kadalaşdyrmakda we ilkinji dikeldiş işlerinde gollamak barada Adatdan daşary umumy Karar”, şol sanda “Heläkçiliklerde we tebigy hadysalarda halkara kömegini bermekligi kadalaşdyrmakda we ilkinji dikeldiş işlerinde gollamak barada Adatdan daşary umumy kanun” gollanma hökmünde teklip edildi.