2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleriniň bilelikdäki guramagynda Daşoguz şäheriniň 25-nji orta mekdebinde Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň halkara güni mynasybetli welaýatdaky saýlama mekdep okuwçylarynyň arasynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady okuwçylaryň adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda özüni alyp barmak boýunça bilimlerini berkitmek, howpsuzlyk düzgünlerini dogry we dessin ýerine ýetirmek endiklerini ösdürmek, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykan ýagdaýynda dogry hereket etmegiň ähmiýetini düşündirmekden ybarat boldy. Çäräniň dowamynda okuwçylar toparlara bölünip, dürli ýagdaýlara esaslanan gyzykly we peýdaly ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda, şol sanda ýer titremesi ýüze çykan mahalynda mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, howpsuz ýere çykmak, dessin we dogry hereket etmek bilen bagly dürli hereketli gönükmeler geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar diňe bir öz bilimlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem toparlaýyn işleşmek, çalt çözgüt kabul etmek, birek-birege goldaw bermek we howply ýagdaýlarda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça başarnyklaryny hem görkezdiler. Bäsleşigiň ahyrynda ýokary netijeleri görkezen ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaş nesliň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, olaryň durmuş howpsuzlygy baradaky düşünjelerini giňeltmäge hem-de betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça zerur başarnyklary kemala getirmäge möhüm goşant goşýar.



