Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda  ýaşamagy babatda edýän aladalary netijesinde ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Halk üçin döredilen mümkinçilikler, sagdyn durmuş ýörelgesi ýaşlaryň gujur gaýrata beslenmegine, ylymly-bilimli giň düşünjeli, watansöýüji  nesil bolup ýetişmegine hemaýat edýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriniň esasy ugry halkyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga, Türkmenistanda ýaşaýan her bir raýatyň Watanyň howandarlygyny duýup, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaklyga gönükdirilendir. Gözbaşy asuda durmuşyň lezzetinden, päk zähmetiň erkanalygyndan gaýdýan bu gowulygyň agzybir halkymyzyň ykbalynda we milletiň taryhynda aýratyn orny bar. Milli lider Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerinden, ynsanperwerlik ýolundan ugur alyp biz hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili, meýletinçileri bilen bilelikde halk köpçüliginiň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp wagyz-nesihat çärelerini yzgyderli geçirip durýarys. Häzirki wagtda tomusky dynç alyş möwsümini saglykly, medeniýetli şadyýan geçirip taze okuw ýylynyň başlanjak günlerine uly buýsanç bilen garaşyp taýýarlyk görüp ýören şadyýan çagalaryň ruhuny ýokarlandyrmak maksatly Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasyna Haýyr-sahabat görnüşli muzdsuz okuw esbaplaryny, okuw egin-eşiklerini ynsanperwer kömegini getirip berýan her bir raýatlarymyz özleriniň edýan haýyr-sahabatlarynyň hakyky ýerine düşüp çagalaryň ruhyny galkyndyrýan pursatlaryny görüp özleriniň minnetdarlygyny bildirýärler. 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli etrabymyzyň çägindäki eklenjini ýitiren, ýarawsyzlygy sebapli maýyplykda hasapda duran, ýarym ýetim, doly ýetim, eklenji pes bolan kop çagaly raýatlarymyza okuw esbaplary, okuw egin- eşikleri ynsanperwer kömeklerini berilýär. Meýltinçiler jemgyýetimiziň ynsanperwerlik  ýoly bilen ýerine ýetirilýän isleriň ozlerinde goýýan uly täsiri, kalplary uly şatlyk duýgusy bilen dolup möwç urýandygyny uly buýsanç bilen aýtýarlar. Bagtdan paýly bagtyýar çagalaryn sagdyn ruhda okamagy üçin ynsanperwerlik kömegini getirip berýan raýatlarymyzyň her bir haýyr sahabaty üçin sagbolsun minnetdarlygymyzy bildirýäris.  Bizi şeýle mizemez durmuş hakykatlarynyň dabaralanýan, ykballaryň gül açýan ajaýyp zamanasynyň- Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ak ýollary bilen röwşen geljege alyp barýan  Milli lider Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe janlary sag, başlary dik bolup, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

   TGÝMJ-niň  Türkmenbaşy etrap

    wekili: Gülaýym Amanowa