10.08.2026ỳ. Magtymguly etrabynda, — Köpetdagyň eteklerinde bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýän adamlaryň köpçülikleýin gelmegi ýüze çykan ýagdaýynda çäreleri görmek barada toplumlaýyn taktiki-ýörite okuw geçirildi. Bu çärä ýurduň hukuk goraýjy edaralary we degişli pudaklaýyn düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) Balkan welaýat bölümi hem gatnaşdy.
Okuw türgenleşiginiň esasy maksady — adatdan daşary ýagdaýyna uçran adamlar üçin howpsuzlygy, lukmançylyk hyzmatyny we mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde ynsanperwe rguramalarynyň we döwlet edaralarynyň taýýarlygyny barlamak barat boldy. Okuwlaryň dowamynda Magtymguly etrabynda köpsanly adamy wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin niýetlenen çadyrlar şäherçesi gurnaldy. Şäherçäniň düzümine şular girdi: Hasaba alyş we ilkinji barlag nokatlary: gelýänleri anyklamak we olaryň esasy zerurlyklaryny kesgitlemek üçin.Ýaşaýyş bölümi: ýatylýan ýerler we iň zerur serişdeler bilen üpjün edilen ýörite çadyrlar. Lukmançylyk bölümi: gaýragoýulmasyz kömek bermek we sanitar-epidemiologik gözegçiligi amala aşyrmak üçin göçme gospitallar. Iýmit we gigiýena zolaklary: meýdan aşhanalary we göçme ýuwunmak üçin niýetlenen desgalar.
Geçirilen okuw türgenleşigi ähli düzümleriň özara sazlaşykly işini görkezdi we Türkmenistanyň halkara ynsanperwer kadalaryna ygrarlydygyny tassyklady. Ýurduň halkara hukugynyň çäklerinde migrasiýa amallaryny netijeli dolandyrmaga bolan taýýarlygy sebit durnuklylygyny üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.




