28.07.2026ý. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) Balkan welaýat şahamçasy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen bilelikde Bereket etrabynda maglumat-aň-bilim çäresi geçirildi.
Duşuşyk inçekeseliň öňüni almagyň, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň wajyp meselelerine hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna we şu günler uly depginde alnyp barylýan Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek hakynda dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barylýandygy aýdyp geçildi.
Çäräniň esasy maksady — inçekeseliň ýaýrama ýollary, irki alamatlary we öňüni almagyň hem-de bejermegiň häzirki zaman usullary barada aýallaryň habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Guramaçylar häzirki zamandaky inçekeseliň doly bejerilýän keseldigini we üstünlikli sagalmagyň esasy şertiniň ony wagtynda ýüze çykarmakdygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda TGÝMJ-niň hünärmenleri we Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary gatnaşyjylara yzygiderli lukmançylyk gözegçiliginiň, flýuorografiýa barlagynyň, şahsy gigiýena düzgünlerini berjaý etmegiň, durnukly iýmitlenmegiň hem-de beden immunitetini berkitmegiň uly orny barada gürrüň berdiler. Gatnaşyjylara peýdaly maslahatlar berlen maglumat broşýuralary we ýatlamalar paýlandy.
Guramaçylar beýleki bilelikdäki başlangyçlaryň eneleriň we maşgalalaryň saglygy barada alada etmekde möhüm orun eýeleýändigini barada ilatyň saglygyny goramak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly goşant goşýandygyny bellediler.



