Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Etrek etrap şahamçasynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminiň bilelikde 09.07.2026y. gurnamaklarynda, 2026-njy “Gataşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçiljek Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli harby gullukçylaryň arasynda täsirli wagyz-nesihat  maslahat duşuşuk çäresi geçirildi.

        Çärede çykyş edýänler, Şanly Garaşsyzlyk ýyllarymyzda, Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman  Arkadagymyzyň  hem-de  peder ýoluny uly üstünlikler bilen, alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz  tagallalary  netijesinde, ýurdumyzyň harby edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Watan gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowlandyrmak, harby  goragçylarynyň talabalaýyk gulluk etmekleri, olaryň bilim we hünär derejelerini  yzygiderli kämilleşdirilmegi, Şeýle hem Watan goragçylary üçin, ajaýyň ýaşaýyş jaýlaryň hem-de dünýä ülüňlerine gabat gelýan harby edaralaryň täze binalarynyň gurulup ulanmaga berilýändigi barada uly buýsanç   bilen aýdyldy.

       Şeýle hem çäräniň dowamynda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörjülikli parasatly ýolbaşçylygynda bu gün, Garaşsyz we Baky Bitrarap döwletimiziň dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, sagdynlygyň, ruhybelentligiň we bagtyýarlygyň merkezine öwürlendigi hem-de ýeten beýik sepgitleri, gazanan uly üstünlikleri barada giňişleýin beýan edildi.

        Çäräniň ahrynda çykyş edýänler, Türkmen halkyna ajaýyp bagtyýar zamanany döredip beren, Türkmenistan döwletiniň at-abraýyny bütün belent derejelere ýetiren, Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň mundan beýläk hem, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp arýan ähli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.