2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde, Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça merkeziniň binasynda tebigy betbagtçylyk çäreleri baradaky kanunçylyga bagyşlanan Sebitleýin maslahatlaşma seminary geçirildi.
Bu çäre Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara Federasiýasy bilen bilelikde gurnaldy. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrlikleriniň we Raýat goranyşy edaralarynyň ýolbaşçy düzümi hem-de hünärmenleri, Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň wekilleri, şeýle hem sebitdäki Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde serhetüsti adatdan daşary ýagdaýlaryň esasy töwekgelçilikleri ýaly möhüm temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar serhetüsti adatdan daşary ýagdaýlara çäre görlen wagtynda adatdan daşary ýagdaýlar edaralarynyň özara hyzmatdaşlyk gurallaryna aýratyn üns berdiler.
Seminaryň ahyrynda geçirilen jemleýji çekişmelerde gatnaşyjylaryň Ylalaşyk taslamasyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri ileşdirildi hem-de degişli maslahatlar berildi.


