26.06.2026 ýylyň TGÝMJ-iň Merkezi edarasynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň goldamagynda "Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ynsanperwerlik çärelerinde Milli jemgyýetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmek" taslamasynyň çäginde, UNHCR-yň Gorag meseleleri boýunça hünärmeni hanym Hanifa Kariminiň alyp barmagynda maglumat bermek boýunça TGÝMJ-iň Merkezi edaranyň hünärmenleriniň meýletinçileriniň arasynda we Ahal welaýat bölüminiň işgärleriniň arasynda trening geçirildi. Jemi 25 adam gatnaşdy.
Okuw kursynyň dowamynda hanym Hanifa Karimiň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň alyp barýan işleri bilen umumy tanyşdyrylyşy,Özüňi alyp barmagyň kodeksi, Galplyk we korrupsiýanyň öňüni almak, Şahsy maglumatlary goramak we gizlinlik ýaly soraglaryň üstünde duruldy. Trening sorag-jogaplaryň üsti bilen gyzykly geçdi.


