Tomus möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde TGÝMJ-niň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpe nesiller bilen gyzykly hem-de täsirli okuw sapagy geçirildi. Sapagyň esasy maksady – çagalaryň arasynda şahsy arassaçylygyň kadalaryny wagyz etmek we sagdyn durmuş ýörelgesine höwes döretmek boldy. "Arassaçylyk, şahsy arassaçylyk" mowzugyna bagyşlanan bu çärede çagalara arassaçylyk düzgünleriniň adam saglygy üçin örän möhüm bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň kadalary öwredildi. Çagalaryň ünsüni çekmek we düşünjesini artdyrmak maksady bilen dürli oýunlar, düşündirişli çäreler hem-de interaktiw usullar ulanyldy. Meýletinçileriň höwes bilen gatnaşmagy arkaly sapak çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar arassaçylyk bilen baglanyşykly täze maglumatlary öwrenmek bilen bir hatarda, öz başarnyklaryny hem ösdürmäge mümkinçilik aldylar. Şeýle çäreler tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň diňe bir göwnejaý dynç almagyna däl-de, eýsem peýdaly endiklere eýe bolmagyna hem giň ýol açýar.



