TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 24-nji mart – Bütindünýä inçekeseliň öňüni almak güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda düşündiriş işlerini geçirdiler. Geçirilen çärede hünärmenler inçekeseliň ýüze çykmagynyň sebäpleri, onuň alamatlary we adam saglygyna ýetirýän täsiri barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem keseliň öňüni almak, wagtynda lukmana ýüz tutmagyň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň zerurlygy barada aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda talyplara şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, dogry iýmitlenmek we immuniteti berkitmek ýaly öňüni alyş çäreleriniň möhümdigi düşündirildi. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu çäre talyplaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen guraldy.