2026-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabat şäheriniň 5, 9, 40, 136-njy we A.S.Puşkin adyndaky orta mekdeplerinde raýat goragy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek boýunça tematik sapaklar geçirildi.
2026-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, jemi 600 okuwçy mugallymlar bilen bilelikde mejlisler zalynda ýygnandy we sapaklary diňlemek bilen çäklenmän, tebigatda döräp biläýjek adatdan daşary ýagdaýyna ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin ýygnanşdylar.
Türkmenistanyň Raýat goragy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmeni örän netijeli, peýdaly sapak geçirdi. Okuwçylar şulary öwrendiler:
- Binadan ewakuasiýa etmek düzgünleri;
- çöldäki tozanly-tupan, ýel we güýçli ýagyň wagtynda özüňi alyp barmak;
- ýangynyň öňüni almak we ot söndüriji enjamlary dogry ulanmak.
Aýratyn ýatda galan zat — ýer titremesini öňünden çaklamak mümkin däldigi, şonuň üçin esasy bilinmeli — rahatlygy saklamak we hereketleriň algoritmini anyk bilmekdigi baradaky sözler boldy.
Türkmenistanyň Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň başlygy duşuşygy «Birinji kömek endikleri we özüňi goramak düzgünleri» atly möhüm tema bilen dowam etdirdi. Ol sapaklara gatnaşyjylara şular barada gürrüň berdi:
- Adatdan daşary ýagdaýlaryň görnüşleri we bolup biljek zyýanlary;
- güýçli ýer titremesi wagtynda nähili hereket etmeli — sekuntlar çözgüt berýär;
- zeper ýetenlere kömek bermek;
- Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň adatdan daşary ýagdaýlarynyň dörän wagtynda ilkinji bolup ynsanperwer kömegine gelýändigi maksady barada.
Her çykyş gyzykly mysallar, okuwçylaryň soraglary we amaly maslahatlar bilen bilelikde geçirildi. Bu sapaklar çagalary ynamly, jogapkärli we islendik ýagdaýa taýýar bolup ýetişmegine kömek edýär.
Şeýle duşuşyklar diňe bir sapak däl-de, çagalary howpsuz we bagtly geljegine goşulýan uly goşandydyr. Sebäbi şu gün alýan bilimleri-ertir öz durmuşyny we ýakynlarynyň durmuşyny halas edip biler.
Howpsuzlyk, asudalyк, bilim — häzirki zaman türkmen mekdebiniň esasy ugurlary!





