TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň «Zehin» ýaşlar merkeziniň meýletinçileriniň arasynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby, şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ýazan beýleki gymmatly eserleri bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda meýletinçilere kitabyň mazmuny, onda beýan edilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ähmiýeti, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň adamzadyň ösüşindäki orny barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem Prezidentimiziň eserleriniň ýaşlarda watançylyk duýgularyny terbiýelemekde, milli buýsanjy pugtalandyrmakda we jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bu tanyşdyryş çäresi meýletinçileriň syýasy-düşünje derejesini artdyrmaga, kitaba bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirildi.



