Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Aşgabat şäher meýletinçileri paýtagtdaky hassahanalaryň birinde bejergi alýan kiçi hassalar üçin Täze ýyl baýramçylyk çäresini guradylar. Sosial ulgamlarda yglan edilen haýyr-sahawat aksiýasynyň netijesinde Täze ýyl sowgatlaryny, oýnawaçlary we beýleki zerur zatlary toplamagy başardylar. Bu wajyp işe  dürli kärhanalar we şäheriň köpsanly   raýatlary tarapyndan goldanyldy.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň meýletinçileri baýramçylyk maksatnamasyny taýýarlap, onuň çäginde:
• Aýaz baba we Garpamyk gyzyň jadyly peýda bolmagyny;
• ertekili gahrymanlaryň gatnaşmagyny;
• şatlykly aýdymlar, oýunlar, sahna çykyşlary we tanslary öz içine aldy.

Çärä taýýarlyk görülende meýletinçiler baýramy hassahana otaglarynda  garş almaga mejbur bolan çagalaryň Täze ýylyň ýylylygyny we jadyly ruhuny duýmaklaryny maksat edinipdirler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçiligi ösdürmek boýunça uthaşdyryjysy J. Gawrilowanyň  başlangyjy bilen  paýtagtymyzda «Rishat Event» baýramçylyk  agentligi hem bu çärä goşuldy. Bu agentlik haýyr-sahawat esasynda ýene  bir hassahanadaky çagalar üçin Täze ýyl dabarasyny geçirmegi  öz üstüne aldy.

Netijede haýyr-sahawat aksiýasy arkaly jemi 65 kiçi hassany gurşap almak başartdy. Çagalar şowhunly  baýramçylyga uly höwes bilen gatnaşyp, Aýaz baba we Garpamyk gyzdan süýjilik sowgatlaryny aldylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Aşgabat şäher meýletinçileri esasy maksatlarynyň biri adamlary sogap işlere çekmek we  ynsanperwer kömegini  bermek üçin  raýat jemgyýetini jebisleşdirmekden ybaratdyr. Geçirilen çäre meýletinçileriň öňde  goýulan  wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýändigini  ýene bir gezek subut etdi.