Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Türkmenbaşy şäher we etrap bölümlerinden 25 meýletinçiniň gatnaşmagynda «Mediýa we maglumat sowatlylygynyň esaslary» atly okuw sapagy geçirildi.

Bu okuw «Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek» atly taslamanyň çäginde guralyp, ony  tejribeli žurnalist hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýletinçisi M. Hydyrowa alyp bardy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar toparlaýyn işleri we gyzykly maslahatlary ýerine ýetirip, maglumat we mediýa sowatlylygynyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdylar. Global sanly maglumat döwründe maglumatlary dogry seljermäge, tankydy pikirlenmäge, dürli çeşmelerden alnan maglumatlaryň esasynda öz garaýşyny döretmäge başarnykly bolmak her bir adam üçin, aýratyn-da ýaşlar üçin möhüm ugur hökmünde nygtaldy.

Okuwyň dowamynda taslamanyň utgaşdyryjysy D. Gawrilowa meýletinçiler bilen duşuşyk geçirip, olaryň iş tejribesi, meýilnamalary we täze taslamalar baradaky pikirleri bilen gyzyklandy. Türkmenbaşy şäheriniň we Türkmenbaşy  etrabynyň meýletinçileri, şeýle hem «Ýelken» meýletinçilik merkeziniň ýaşlary öz işjeňlikleri, geljekdäki meýilnamalary barada gürrüň berdiler. Duşuşykda jemgyýetçilik, ekologiýa taýdan ähmiýetli taslamalary taýýarlamagyň möhümdigi barada hem pikir alyşyldy.