Biziñ yurdumyzda iň möhüm baýramçylyklaryň biri Garaşsyzlyk güni. Bu dabarany bellemek üçin her ýyl ähli şäherlerde we obalarda uly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaỳ Milli   Jemgyýetiniñ  Balkan Welaýat bölümi,  Balkanabat  şäherinde talyplar üçin,  Balkan welaỳat tarihy we ülkäni öwreniş  muzeýinde dabaraly çäre geçirdi.  Çäräniñ dowamynda   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň  Balkan welaýat bölüminiñ  işgärleri Gyzyl Ýarymaý jemgyỳetiniñ döreỳiş  taryhy, häzirki işi we ỳerli häkimlikler  bilen gatnaşygy barada söhbet etdiler. Ikinji ýarymda talyplar muzeýe aýlanyp  geçmişimiziñ  taryhyna çümdüler. Muzeỳiñ tejribeli hünärmeni talyplara  türkmen halkynyň ata-babalarynyň durmuşy barada köp ajaýyp maglumatlary  ỳetirdiler!