2025-nji  ýylyň   awgust   aýynyň 29-na   TGÝMJ-niň Merkezi  edarasynyň mejlisler  zalynda jemgyýetiň  tertipnamasyna   laýyklykda nobatdaky 11-njy  Merkezi  geňeşi geçirildi.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 2025-nji ýyl üçin ýarymýyllyk   hasabaty  we  2021-2025-nji ýyllaryň strategiki  hasabaty tasyklamak hakynda  karar kabul  edildi.

   Günüň  ikinji ýarymynda TGÝMJ-niň  Merkezi  edarasynynyň, Arkadag şäheri we welaýat bölümleriniň  başlyklarynyň   hünärmenleriniň gatnaşmagynda  ýylyň birinji 8  aýyň dowamynda  edilen  boýunça 2025-nji  ýylyň iş meýilnamasy esasynda, ýerine-ýetirlen  işleriň  hasabaty  diňlenildi.  2025-nji  ýylyň 4-aýyň dowamynda edilmeli işler barada etrap  we şäherçelerde wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly wagyz-nesihat  işlerini  güýçlendirmek barada  we jemgyýetiň öňde  duran birnäçe soraglary barada maslahatlaşyldy. Şeýle hem   duşuşygyň dowamynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda  Bitaraplygyň 30-ýyllygy  mynasybetli geçirilýän çäreler  barada barada aýdylyp geçildi.

Duşuşygyň  ahyrynda halkymyzyň sagdyn durmuşda, bagtyýarlykda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän bizi şeýle bagtly, ajap döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri  aýdyldy.