21-25-nji  awgustynda ýolbaşçy zenanlaryň  Hytaý  Halk  Respublikasyna iş  sapary boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň hoşniýetlilik, dostluk we hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar köp sanly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň gazanan möhüm şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem türkmen-hytaý dostlugyny berkitmäge aýratyn üns berildi.

Gepleşiklere gatnaşyjylar aýal-gyzlary we çagalary goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ŞHG komitetiniň Türkmenistan bilen hökümete dahylsyz alyş-çalyş meselesinde hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky işine garaldy.

Ýolbaşçy  zenanlaryň duşyşyklarynyň  biri bolsa Hytaý  Halk  Respublikasynyň  Gyzyl Haç jemgyýetinde  duşuşyk  gurnaldy. Bu duşuşyk iki  ýurdyň jemgyýetleriniň bähbidi  üçin   möhüm  wakalaryň biri  bolly. Hytaý Gyzyl  Haç jemgyýeti we Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaý Milli  jemgyýetiň   arasynda  iki  taraplaýyn Ylalaşyk  taýýarlandy. Jemgyýetler özara Ylalaşyk esasynda  Meýletinçiligi  ösdürmek  ugry, Ilkinji kömek  bermek ugry, Adatdan Daşary  ýagdaýlar  taýýarlyk ugurlary boýunça soňky döwrebap  ösüş ugurlary boýunça  işleşmäge  taýýardyklaryny  aýdyşdyllar.