TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýörite okuw sapagyny geçirdiler. Sapak “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar astynda guralyp, onuň esasy maksady ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmek we olaryň gündelik durmuşynda howpsuzlygyny üpjün etmek boldy. Okuw sapagynyň dowamynda okuwçylara ýol hereketiniň esasy kadalary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Şeýle-de çagalara oýun görnüşindäki interaktiw usullar arkaly hem ýetirilip, olaryň gyzyklanmalary artdyryldy. Oýunlar arkaly geçirilen usullar okuwçylaryň öwrenen maglumatlaryny aňsat kabul etmegine we ýatda saklamagyna ýardam etdi. Bu çäre ýaşlaryň ýol hereketinde özüni jogapkärli alyp barmagyny, özleriniň hem-de beýleki ýol ulanyjylarynyň howpsuzlygyny goramagyny gazanmaga gönükdirildi. Şeýle okuw-sapaklary welaýat bölümi tarapyndan yzygiderli geçirilip, jemgyýetde ýol hereketiniň medeniýetini ösdürmekde, ýaşlaryň ýol-ulag hereketine bolan düşünjesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu çäreler arkaly çagalaryň jemgyýetde howpsuz, jogapkärli we milli ýörelgelere laýyklykda ýaşamagyna ýardam edýär.