Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz yzygiderli ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň biri-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda geçirilýän giň möçberli çärelerdir.

Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäre geçirilýär. Bu biraýlygyň çäklerinde TGÝMJ-niň   hünärmenleri  we meýletinçileri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde wagyz-nesihat çäreleri, okuw sapaklary, duşuşyklary we maslahatlary guraýar. Şeýle çärelerde ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň borçlary giňden düşündirilýär. Ýaş nesilleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, olaryň ýol hereketinde dogry terbiýelenmegini gazanmak hem bu çäreleriň baş maksadydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrebap gara ýollaryň müňlerçe kilometrlere uzaýan ulgamy döredilýär. Bu bolsa halkymyzyň howpsuz, rahat we döwrebap şertlerde ýaşamagyny üpjün edýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklaryň däl, eýsem her bir raýatyň jogapkärçilikli borjy bolup durýar.

Ýurduň ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy bilen ýol hereketiniň düzgünleriniň dogry ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti has-da artýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet tarapyndan kabul edilýän çäreler hemmetaraplaýyn dowam etdirilýär. Şeýle wagyz-nesihat işleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, adamlaryň saglygyny we ýaşaýyş rahatlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti hem bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli çäreleriň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýär. Ýol hereketiniň medeniýetini ýokarlandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek we adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda dowamly işler alnyp barylýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek – bu diňe düzgünleriň toplumy däl, eýsem ömrümiziň rahatlygynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň kepilidir.