Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ynsan saglygyny goramakda döwlet derejesinde alada edilýandiginiň aýdyň alamatlarynyň biridir. “Ýol hereketiniň kadalary Türkmenistanyň çäginde ähli raýatlar üçin deňdir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileri bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki 1-2-3-4-6-18-nji orta mekdeplerinde, 1-2-3-6-13-nji çagalar baglarynda çagalaryň arasynda “Sary, gyzyl, ýaşyl yşyk- ýollarymyza berýär gelşik ” ady bilen dürli çäreler geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Ýol hereketine gatnaşyjylar kadalaryň-ýolyşyklaryň duýdurmalarynyň, ýol belgileriniň özlerine degişli talaplaryny bilmäge, berjaý etmäge borçludyrlar. Ýol belgileriniň gündelik durmuşymyzda uly ähmiýeti bolup, hereketi sazlamakda, ulaglaryň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde köçäniň düzgünini saklamak üçin örän zerurdyr. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir diýip bellap geçildi.