Häzirki wagtda dünýäde ynsanperwer kynçylyklar has giň gerimli we çylşyrymly häsiýete eýe bolýar. Esasy howplaryň hatarynda daşky gurşawyň üýtgemegi bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň – gurakçylyklaryň, suw joşmalarynyň, tokaý ýangynlarynyň we beýleki aşa howa hadysalarynyň – ýygy-ýygydan we uly göwrümde ýüze çykmagy bar. Şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň, ykdysady durnuksuzlygyň we ýaragly gapma-garşylygyň netijesinde ilat göçüniň artmagy dowam edýär.

Şeýle şertlerde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetleri ejiz ilatly toparlara kömek bermekde esasy orny eýeleýärler. Olar döwlet üçin kömekçi wezipesiniň çäginde hereket etmegi dowam etdirýärler we Esasy ýörelgelere ygrarlylygyny saklaýarlar. Täzeçilligi we jemgyýetlerde giňden ýerleşmegi sebäpli, olar adatdan daşary ýagdaýlara çalt jogap bermäge, ynsanperwer kömegi elýeterli etmäge hem-de jemgyýetçilik durnuklylygyny berkitmäge ukyplydyr.

Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň hem-de Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda - ynsanperwerlik we bitaraplyk” atly halkara maslahatynyň maksady hem häzirki zaman ynsanperwer kynçylyklara netijeli jogap bermek üçin GDA ýurtlarynyň Milli Jemgyýetleriniň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekden ybaratdyr. Duşuşykda Halkara ynsanperwer hukugyny (HYH) ilerletmek, we ýörelgelere daýanýan ynsanperwer işjeňligi has-da berkitmek, ynsanperwer diplomatiýa, şeýle hem Milli Jemgyýetleriň institusional ösüşi aýratyn üns merkezinde boldy. Milli Jemgyýetler GDA ýurtlarynda bar bolan anyk ynsanperwer meseleleri, şeýle-de görkezilen ugurlarda duş gelinýän kynçylyklar barada pikir alyşdylar. Döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyň tejribesi, ýüze çykýan meseleleri çözmek usullary we bu kynçylyklardan çykarylan sapaklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mowzuklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaýyň 34-nji Halkara maslahatynyň hem-de 2024-nji ýylda Delagatlar Geňeşiniň rezolýusiýalarynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Şu nukdaýnazardan, bu çäräniň Türkmenistanda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, sebitde we halkara derejesinde ynam, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ösdürmäge ugrukdyrylan toplumlaýyn başlangyçlaryň hem-de tagallalaryň bir bölegidir.