Türkmenistanyň Milli Gyzyl Yarymaý Jemgyýetiniň wekilleri 2025-nji ýylyň 4–5 awgust aralygynda Awazada (Türkmenistan) geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarynyň 3-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen raýat jemgyýeti forumyna gatnaşdy. Bu çäre tejribe alyşmak we häzirki ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy we döwlet edaralary, halkara guramalary we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin meýdança öwrüldi. Forumda dürli ýurtlaryň wekilleri saglygy goraýyş,durmuş üpjünçilik goldawy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk pudagynda durmuşa geçirilýän başlangyçlar barada tejribe we pikir alyşdylar, şeýle hem jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belläp geçdiler.