2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Deňize Çykalgasy Bolmadyk Ösüp Barýan Ýurtlar” boýunça üçünji halkara konferensiýasy (LLDC3) geçirildi. Çäräniň çäginde dürli ugurlar boýunça maslahatlar guralyp, olaryň arasynda Ýaşlar Forumy aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Ýaşlar forumyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaş liderler, telekeçiler, hünärmenler, ylmy işgärler hem-de jemgyýetçilik işjeňleri gatnaşdylar. Forumyň esasy maksady ýaşlaryň dünýä ykdysadyýetindäki orny, täze innowasion çözgütler, ýaş telekeçilige goldaw hem-de durnukly ösüş meseleleri barada pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar öz ýurtlarynda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça çykyş etdiler. Şeýle hem ýaşlaryň ösüşinde bilim, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa howpsuzlygy we döredijilik pudaklarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Forumyň netijesinde “Building Bridges for LLDC Futures” atly Ýaşlar Jarnamasy kabul edildi. Jarnamanyň maksady ýaşlaryň sesini halkara derejeli karar kabul ediş proseslerine goşmak, ýaşlaryň bähbitleriniň we teklipleriniň orun almagyny üpjün etmek boldy. Resminama innowasiýa, sanly ösüş, ekologiýa durnuklylygy, bilim mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we ýaşlaryň liderlik mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ýaly ugurlarda anyk teklipleri öz içine aldy. Ýaşlar Jarnamasy halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem-de ýaşlaryň geljekki ösüşde işjeň orny barada dünýä jemgyýetçiligine çagyryş hökmünde BMG-niň degişli düzümlerine gowşuryldy.
Forumyň netijeleri boýunça ýaşlar hyzmatdaşlygyny berkitmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de ýaşlaryň halkara derejede işjeň gatnaşmagyny artdyrmak boýunça teklipler kabul edildi. Bu çäre diňe bir bilim alyşmak däl, eýsem medeniýetler arasyndaky özara düşünişmegi we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.
Awazada geçirilen ýaşlar forumy, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginde hem-de ýaş nesliň geljege gönükdirilen maksatlaryna ýetmeginde möhüm ädimleriň biri hökmünde taryha girdi.