2025-nji ýylyň 14–18-nji iýul aralygynda Gyrgyzystanyň gözelligi bilen tanalýan Çuy oblastynyň, "Alakuş" dynç alyş toplumynda Merkezi Aziýanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň meýletinçileri üçin halkara tomusky lageri geçirildi. Bu lagerde alty ýurtdan — Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan hem-de Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetinden gelen meýletinçiler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli  Jemgyýetiniň meýletinçileri lagerde geçirilen ähli çärelere işjeň gatnaşdylar. Bu lageriň esasy mowzugy meýletinçiler üçin media we sanly başarnyklary ösdürmek boldy. Gatnaşyjylar media sowatlylygy, mazmun döretmek, jemgyýetçilik torlarynda sahypa dolandyrmak bilen baglanyşykly okuw sapaklaryna gatnaşdylar. Şeýle-de, media serişdeleriniň ynsanperwer gymmatlyklary ýaýratmakdaky we meýletinçileriň hukuklaryny wagyz etmekdäki ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Lageriň esasy wezipeleriniň biri Çyngyz Aýtmatowyň eserlerine döredijilikli täzeçe çemeleşmek boldy. Meýletinçiler lageriň ilkinji gününde toparlara bölündiler. Bu toparlarda dürli ýurtlardan we sebitlerden gelen ýaşlar hem-de uly ýaşly nesil bilelikde işlediler. Toparlara Çyngyz Aýtmatowyň eserleriniň ady berildi. Her topar şol eserleriň esasynda döredijilik çykyşlaryny — sahna oýunlaryny, wideorolikleri we performanslary taýýarlady. Bu usul gatnaşýanlara diňe bir zehinlerini görkezmäge däl, eýsem beýik ýazyjynyň eserlerinde gozgalýan mowzuklary has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem, lageriň dowamynda gatnaşyjylar özleriniň Milli jemgyýetleriniň meýletinçilik başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar. Olar ilkinji kömek, jemgyýetçilik goldawy, jemgyýeti habarly etmek we ýaşlar bilen işlemek ugurlarynda durmuşa geçirýän taslamalary boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar. «Bu lager bize diňe täze bilimleri we ylhamy däl, eýsem goňşy ýurtlaryň meýletinçileri bilen dostlaşmak nesip etdi. Biziň maksadymyz — adamlara kömek etmek — meýletinçileri nähili güýçli birleşdirip bilýändigini duýduk», diýip, türkmenistanly gatnaşyjylar öz täsirlerini paýlaşdylar. Gyrgyzystanda geçirilen halkara tomusky lager Merkezi Aziýanyň ýaş meýletinçileri üçin tejribe alyşmak, medeniýetara dialog we dostlugy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança boldy. Meýletinçiler watanyna täze pikirler bilen dolanyp, olary öz jemgyýetleriniň peýdasyna durmuşa geçirmäge taýýardylar.