Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň dynç alyş möwsümi hem başlaýar. Şonuň bilen birlikde olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek has-da möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde möhüm çäre geçirdiler.  Dynç alýan çagalaryň arasynda ýangyn howpsuzlygyň düzgünleri, bu düzgüni gündelik durmuşda nähili berjaý etmeli we ýangyn ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi barada düşündiriş işleri geçirildi. Çagalar dürli ýagdaýlara taýýarlykly bolmalydygy, şeýle hem tiz kömek üçin haýsy belgä jaň etmeli diýen ýaly möhüm maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Wagyz işleri adaty sapak görnüşinde däl-de, interaktiw görnüşde guraldy – çagalara sorag-jogaplar bilen ýüzlenildi, ýangyn ýagdaýlaryny şekillendirýän oýunlar bilen bilim berildi. Munuň özi çagalaryň ünsüni çekip, maglumatlary has çuňňur özleşdirmäge ýardam etdi. Şeýle çäreler, tomusda diňe bir şatlykly dynç alyş bilen çäklenmän, olaryň aň-paýhasyny hem baýlaşdyrýar. Howpsuzlyk – bu hemmämiziň işimizdir. Şonuň üçin bu ugurda geçirilýän işler aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.