Şu gün 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 04-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň, Lebap welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda tomusky dynç alyş möwsüminiň 1-nji tapgyrynda Amyderýanyň boýnunda Türkmenabat şäher häkimliginiň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmek, sporta bolan höwesini artdyrmak, birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, seýle-de sagdyn-durmuş ýörelgelerine doly eýermek bilen özleriniň saglygyny goramak, köptaraplaýyn bilim başarnyklaryny kämilleşdirmek we tejribelerini paýlaşmak maksady bilen “Ýaş halasgär” ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça şowhunly bäsleşik geçirildi.

  Dynç almaga gelen çagalardan düzülen “Güneş”, “Bürgüt” we “Dostluk” toparlarynyň çykyş etmeginde Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň kadalary barada düzülen sowalnamalar boýunça bäsleşdiler. Şonuň ýaly-da, eliň döwlende ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi bermek, döwülen ýere seýik goýmak, kada laýyk sargy etmek, gün urmada kömegiň berilmegi, şeýle-de zäherli howa ýagdaýy dörände gaza garşy enjamy dogry we çalt geýmekde amaly bäsleşikleri ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň, Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň hünärmenleriniň durmuşymyzda ýüze çykyp biläýjek dürli hili betbegtçylyklar bolan ýagdaýynda raýaty goramak we halas etmek, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünleri boýunça eden wagyz-nesihat çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlenildi we degişli neşir önümleri paýlanyldy.

Bäsleşigiň soňunda işjeň çykyş eden we ustünlik gazanan toparlara sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy