Bu gün 11-nji  iýun 2025. Türkmenistanda tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalar dynç alyp, täze tejribeler edinmäge we ýakymly pursatlary başdan geçirmäge mümkinçilik alýarlar TGÝMJ-i hem şol  maksada  eýerip jemgyýetiň Hünärmenleri, meýletinçileri  bilen  bilelikde  gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Gökderedäki “Altyn Damja”  çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde   myhmançylykda boldylar.Olara yssy howada özüňi  nähili gün şöhlesinden  goramak, dürli hadyssalarda lukmandan  deslapky ilkinji  kömegi  bermegiň endiklerini we tebigy hadysalarda özüňi  alyp  barmagyň ussullaryny öwretdiler. Meýletinçiler okuw usullaryny interaktiw görnüşde geçirdiler.  Olaryň ýatlarynda galar  ýaly tejribeleri çagalaryň özlerine  gaýtalatdylar. Bu  bolsa  dynç alaýan çagalara  täze tejribeler edinmäge pursat boldy.