BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ilatyň saglygyny goramak,ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik,duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda uly işler alyp barýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Merkezi  edarasynyň  hünärmenleri we meýletinçileri  ýaşlara adatdan daşary ýagdaýlarda dogry hereket etmegi öwretmek we ilkinji kömek bermegiň esaslary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň aprelin  aýynda   Aşgabat şäheriniň  140-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda “Lukmandan deslapky ilknji kömek bermek” mowzugy boýunça we  adatdan  daşary ýagdaý ýüze  çykanda howupsuz zolaga  geçirmek, özüňi  alyp  barmagyň  düzgünleri  barada   okuwçylaryň arasynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy düşnükli we gyzykly görnüşde geçirildi. Okuwçylar  gan akmalarda, şikeslerde, ýanyklarda we zäherlenmelerde nähili ilkinji kömek berilmelidigini endiklerini öwrendiler, şeýlede öz başarnyklaryny tejribede hem synap gördüler. Şeýle geçirilýän çäreler çagalaryň durmuşy üçin wajyp bolan endiklerini ösdürýär, özlerine we daş-töweregindäkilere ünsli bolmagy, jogapkärçiligi we duýgudaşlyk duýgularyny terbiýeleýär.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
18063688
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5876
13356
299362
446852
18063688

Siziň IP: 18.97.14.80
2025-05-20