13.03.2025  «Biz barada» atly şygar bilen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehaniki tehnalogiki orta  hünär okuw mekdebiniň  talyplarynyň we mugallymlarynyň  arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaý Milli jemgyýetiniň guramagynda geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Jemgyýetiň hünärmenleri  Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy,TGÝMJ-iň alyp  barýan işleri  barada wagyz etmek, jemgyýete agza bolmaga  çagyrmak şeýle hem  ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, olara milli ýol-ýörelgelerini düşündirmek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden, daşda durmaklygy  ündelli geçirilen çäre oýunlaryň üsti  bilen tamamlandy  oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.