2023-nji ýylyň 1-30-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanda "Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy" atly çäresi geçirilýär. Şol çärä Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri işjeň gatnaşdylar.
Şeýle-de Çoganly şäherçesinde ýerleşýän Awtomobil sürüjilerini taýýarlaýan mekdebinde , 6 mekdebiň okuwçylarynyň arasynda ýaryş geçirildi. TGÝMJ-niň wekili emin agzasy hökmünde gatnaşdy.
Mekdep okuwçylary Ýol hereketiniň düzgünlerini bilmekde ýaryşdylar. Ýaryşyň 3 sany ýeňijisi hatlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldylar.