BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

21-25-nji awgusynda Gökderedäki "Ýaşlyk" çagalar sagaldyş merkezinde ýaşlara adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk üpjünçiligi we olara täsir etmek boýunça okuw çäreleri geçirildi. Onuň guramaçysy  “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasy  bolup BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) hyzmatdaşlygy bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti çykyş etdi.

Ýygnanmanyň maksady, dürli meýletinçiler toparyndan 80 sany meýletinçiler gatnaşdylar, ýörite instruktor toparynyň taýýarlygy, "deňe-deň" peýdalanylýan  model , adatdan daşary ýagdaýlara tiz täsiriň möhüm roly, we Türkmenistanyň ählisi we onuň soňuny dikeltme boýunça möhüm meseleler bölüp berildi.Çäre tejribe sapaklaryny we çuňňur simulýasiýany öz içine alýar.

Çäre 3 sany taslamanyň esasynda gurnalan. Bu TGÝMJ-niň iş ýüzüne geçirilen taslamalary "Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek"  we “Milli jemgyýetiniň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” .  Üçünji sebitleýin “ Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylygynyň ýokary howpy bolan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlarda taýýarlygy üpjün etmek ”.

Guramaçylar ynamly, okuwlar we bilimler arkaly, tiz täsir toparynyň gatnaşyjylary işjeň professional meýletinçiler bolar. 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
12137673
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2715
17065
502952
919301
12137673

Siziň IP: 18.206.13.203
2023-11-30