Gyrgyzystan Respublikasynyň Çuý welaýatynda 3-nji - 6-nji iýul aralygynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetlerniiň meýletinçileri üçin tomusky sebitleýin lager gurnaldy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgysyztanyň we Türkmenistanyň meýletinçileri gatnaşdylar.
Maksatnamanyň birinji güni tomusky lageryň açylyş dabarasy we topar boýunça gatnaşyjylary bölme bilen başlandy.Soňra meýletinçilere öz ýurtlary, onuň aýratynlyklary we medeniýeti hakynda gürrüň bermek mümkinçiligi berildi.Her ýurt öz halkynyň milli eşiklerini görkezdiler, şeýle hem milli tagamlary taýýarlamak boýunça master klass geçirdiler.
Maksatnamanyň ikinji we üçünji güni meýletinçileriň sessiýa hataryny öz içine aldy, ir öwrenilen materialy gaýtalamaga we berkitmäge gönükdirildi.Olar indiki temalar bilen habarly boldular: " Ýaşlar we JRSH, zorlugyň öňüni almak ", " Akyl saglygy ", "Gorag gender we inklýuziýa(zähmete ukypsyz adamlary işjeň durmuşa gatnaşdyrmak(goşmak))" "Sagdyn garramak " we beýlekiler. Nazaryýet bilimlerinden başga-da tomusky lagera gatnaşyjylar interaktiw usullar arkaly täze başarnyklaryny özleşdirdiler.Meseleleriň biri Raid Cross oýnuna ghyzmat etmek bolup, meýletinçiler mümkin boldugyça hakykata ýakyn simulýasiýa synaglaryndan geçdiler.
2023-nji ýylyň tomusky lageri ýyly we dostlukly ýagdaýda gatnaşyjylara täze tejribe toplamaga, sosial başarnyklaryny ösdürmäge, gözýetimini giňeltmäge we täze dostlary edinmäge mümkinçilik berdi.Mundan başga-da meýletinçiler gelejekde täze taslamalary döretmek , şeýle-de jemgyýetiň aktual sosial meselelerine täsir etmek üçin höweslendiler.