BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

19-njy iýulda Türkmenbaşy şäheriniň portunda taktiki türgenleşikler geçirildi,muňa Türkmenbaşy şäheriniň ähli bölümleri we guramalary gatnaşdy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem türgenleşige işjeň gatnaşdy.

Hazar deňzinde geçirilen türgenleşigiň ssenariýasy boýunça, tehnogen betbagtçylygyň netijesinde nebit önümleriniň dökülmegi ýüze çykdy, şondan soň duýduryş yglan edildi. Kenarda bir ýerden başga bir ýere  göçürilen ýaralanlara Gyzyl Ýarymaýyň işgärleri duşdular, ilkinji lukmançylyk we psihologik kömek nokadyny gurnadylar.Bu ýerde ilkinji kömek enjamlary çadyryny we kürsüleri gurnadylar. Agyr ýaralalanlary tiz lukmançylyk kömeginiň lukmanlaryna gowşurdylar. 

 

Şol wagt deňizde daşky gurşaw gözegçilik hyzmaty tarapyndan suwy zyýanly maddalar bilen hapalanandygyny  barladylar. Gyzyl Ýarymaýyň meýletinçileri kenarda dynç alýanlaryň arasynda düşündirişli söhbetdeşlik geçirdiler, şol sebäpli hem wagtlaýynça suwa girmeklik maslahat berilmeýär. Türkmenbaşy şäherindäki Hazar deňziniň kenarynda bolup geçen  adatdan daşary tehnogen  hadysalaryň   netijelerini ýok etmek üçin türgenleşikler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirdiler, şäheriň ähli gulluklary öz gatnaşyklaryny we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyklaryny görkezdiler.    

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
12138191
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3233
17065
503470
919301
12138191

Siziň IP: 18.206.13.203
2023-11-30